Kerki etrabynyň «Baýlar» daýhan hojalygy döwriň talaplaryna laýyklykda ýokary zähmet depgini bilen tapawutlanýar. Hojalyk tarapyndan ideg edilen gowaça meýdanlaryndan bu ýyl Watan harmanyna 200 tonnadan gowrak pagta tabşyryldy. 2021-nji ýylda 67 gektar meýdanda döredilen hojalyk geçen ýylda meýilnamadaky 134 tonna ýerine 251 tonna hasyl ýygnap, her gektaryň hasyllylygyny 37,5 sentnere ýetirdi. Işleriň talabalaýyk alnyp barylmagy üçin hojalykda birnäçe täze traktorlar satyn alnyldy, olaryň dolandyrylyşy bolsa hojalyk agzalary — daýhanyň ogullary Aganyýaz we Abdyrahman tarapyndan üstünlikli ýerine ýetirilýär.
Bu ýyl ekilen gowaça meýdanlaryna ýerli we mineral dökünler bilen degişli derejede ideg edilip, ekinler derýanyň mele suwundan gandyryldy. Munuň netijesinde hojalyk meýilnamadaky 194 tonna ýerine 200 tonnadan gowrak «ak altyny» tabşyryp, Hasyl toýuna uly üstünlik bilen geldi. Häzirki günlerde meýdanlarda galan hasyly ýygnamak işleri dowam edýär. Daýhan hojalygynyň agzalary irden agşama çenli depgini gowşatman zähmet çekýärler. Geçen ýylda bol hasyl ýetişdirendikleri üçin Baýmyrat Söýünow welaýat häkimliginiň Hormat haty we gymmat bahaly sowgady bilen sylaglandy.
«Baýlar» Hasyl toýuny 200 tonnadan gowrak pagta bilen garşylady
19
Nov
