DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Baýdeniň hormatyna burger

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ýaponiýanyň Ýokosuka şäherinde ýerleşýän harby deňiz bazasynyň ýakynyndaky restoranlaryň biri öz menýusyna «Baýden Burger» atly täze tagamy goşdy. Bu barada ria.ru habar berýär.
ABŞ-daky Prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanan Jo Baýdeniň hormatyna taýýarlanan täze burgeriň düzümine ozalky burgerlere goşulmadyk tagamlar goşuldy.
Ýeri gelende aýtsak, «Sunami» atly bu restoran Prezident burgerleri bilen meşhurdyr. Restoranyň menýusyna 2009-njy ýylda «Obama Burger», 2016-njy ýylda bolsa «Tramp Burger» atly täze tagamlar goşulypdy.
Täze tagam ― «Baýden Burger» 18 dollardan satylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply