BIZE YAZYARLAR

Baýdagymyz ― mertebämiz!

Ýaşaýşyň ýaşyl reňkini özüne siňdiren, asuda asmanda pasyrdap, rowaç ýollarymyza şugla saçýan ýaşyl tugumyz halkymyzyň arzuw-islegini, göwün maksadyny, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgesini äleme buşlaýan beýik mukaddeslikdir. Bu hakykat paýhasly pederlerimiziň: «Adam terbiýesinden
belli, ýurt — baýdagyndan» diýen jümlesinde hem aýdyň şöhlelenýär. Şoňa görä-de, şöhratly taryhyň bütin dowamynda halkymyz milli tuguna aýratyn gadyr goýupdyr. Bu ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam etdirilýär.
Durmuşyň we döredijiligiň joş urýandygyny alamatlandyrýan ýaşyl baýdagymyzyň astynda halkymyz agzybir, ruhubelent zähmet çekip, beýik maksatlara ymtylýar. Şoňa görä-de, 2017-nji ýyldan başlap, her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni
bilelikde dabaraly bellenilýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň nyşanlaryna il-günümiziň buýsanjy, sarpasy egsilmezdir. Paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasy, Baş baýdak meýdançasy, Arkadag şäherindäki, welaýat merkezlerindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky baýdak meýdançalary döwletliligimiziň baş nyşanlarynyň mukaddesligini has-da dabaralandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýädäki iň inçe, owadan sungat hökmünde ykrar edilen türkmen halysynyň gölleri, abadançylygyň we parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary, agzybirligi, jebisligi alamatlandyrýan bäş ýyldyz hem-de ýarymaý şekillendirilen, täzelenişi, ýaşaýşy dabaralandyrýan
ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň saýasynda eziz Watanymyz ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar.
Halkymyz baýdaga «Mertebe tugy» diýýär. Sebäbi gözümize, göwnümize juda yssy görünýän ýaşyl tugumyz berkarar Diýarymyzyň, gör, näçe ýeňişlerini buşlady! Baýdagyň belentlerde, dünýäniň belent münberlerinde parlap durmagy halkyň abraý-mertebesiniň hem belentligidir. Şunda «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna möhüm orun degişlidir.
Onuň 1-nji maddasynda: «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkmenistanyň halkynyň agzybirliginiň we Garaşsyzlygynyň hem-de döwlet Bitaraplygynyň nyşanydyr» diýlip bellenilýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň toýly günlerinde iň täze taryhymyzyň ýyl ýazgysyna ýene bir şanly sahypa ýazyldy — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan üçünji gezek kabul edildi. Munuň özi Garaşsyz Watanymyzyň, Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň mertebesini halkara derejede ýene bir gez beýgelden şöhratly wakadyr.
Täze taryhy döwürde hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz sebitde we bütin dünýäde oňyn halkara gatnaşyklary ilerletmek ugrunda çykyş edýär, yklymlary, halklary birleşdirýän ylalaşdyryjy merkez hasaplanylýar. Döwlet baýdagymyz bolsa dünýä ýüzünde halkymyzyň bagtyýarlygynyň mizemez nyşany, dostlugymyzyň, hoşniýetliligimiziň aýdyň alamaty hökmünde buýsançly parlaýar. Şonuň üçin hem biz elimizi ýüregimiziň üstünde goýup: «Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde» diýip, Döwlet senamyzy uly buýsanç hem-de çuňňur watançylyk söýgüsi bilen aýdýarys.
Goý, ýeňişleriň buşlukçysy — ýaşyl baýdagymyz mydama belentlerde parlasyn! Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Sülgün HEMRAÝEWA,
Dänew etrap çagalar sungat mekdebiniň saz nazaryýeti bölüminiň mugallymy.