YKDYSADYÝET

«Batly gadam» hususy kärhanasynda her günde 50 müň jübüde golaý jorap öndürilýär

Balkanabat şäherinde ýerleşýän «Batly gadam» hususy kärhanasynyň ýüplük öndürýän fabriginde her aýda 450 tonna barabar ýokary hilli ýüplükler öndürilýär. Kärhanada her günde 5 tonnadan gowrak ýüplükler dürli reňkler bilen boýalyp, olar jorap önümçiliginde çig mal hökmünde ulanylýar. Netijede, her günde 50 müň jübüde golaý jorap taýýarlanylýar. Hususy kärhanada öndürilýän dürli görnüşli ýüplükler we joraplar daşarky bazarlara hem yzygiderli ugradylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: