YKDYSADYÝET

«Bat» haryt nyşany bilen öndürilýän joraplar ýurdumyzyň raýatlarynyň ösen isleginden peýdalanýar

Lebaply telekeçi Atamyrat Jumakulyýew 2017-nji ýola goýan önümçiliginde üstümizdäki ýylyň 9 aýynda 822 müň 238 jübüt jorap öndürildi. Bu 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 151 müňe ýakyn köpdür.

Has takygy, geçen ýyl bu harydyň  671321 jübüdi çykarylyp, söwda nokatlaryna ýollanypdy. Häzirki wagtda bu ýerde erkekler, aýallar, ýetginjekler we çagalar üçin dürli ölçeglerdäki joraplar öndürilýär.

Önümçilikde işgärleriň 30-dan gowragy gije-gündiziň dowamynda 3 tapgyrda zähmet çekýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: