BILIM, TÜRKMENISTAN HABARLARY

Bäsleşik: ýeňiji bolsaň, Amerikada oka!

Türkmenistanda ilkinji gezek Halkara XCEL olimpiadasynyň (XCEL
International Competitions) milli tapgyry geçiriler. Umumybilim berýän mekdepleriň 3-12-nji synplarynyň okuwçylary gatnaşmaga çagyrylýar. Milli tapgyr 2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda geçiriler.
Gatnaşyjylar matematika we robototehnika ýaly ugurlardan ýaryşarlar, öz akyl
başarnyklaryny açyp görkezerler. Milli tapgyryň altyn, kümüş we bürünç
medallarynyň eýeleri 2025-nji ýylyň 1-4-nji iýunynda Los-Anjelesiň Kaliforniýa uniwersitetinde (UCLA) geçiriljek intellektual olimpiadanyň halkara tapgyrynda ýurdy tanyşdyrmaga mümkinçiligini alarlar.
Bütin dünýä gatnaşyjylarynyň arasyndaky ýeňijilere dürli elektron enjamlar,
ýagny telefonlar, planşetler we kompýuterler, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy
ýokary okuw mekdepleriniň talyp haklary garaşýar. Hususan-da, ýeňijilere
akademiki ösüş üçin mümkinçiligi hödürlemek bilen XCEL kompaniýasy ABŞ-
daky Sem Hýustonyň Döwlet uniwersiteti we Demirgazyk amerikan uniwersiteti bilen stipendiýalary hödürlemek boýunça hyzmatdaşlyk
gatnaşyklaryny ýola goýdy.
http://çäräniň resmi saýtynda  Gatnaşmak üçin çäräniň resmi saýtynda hasaba durup bolýar.