JEMGYÝET

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty – milli mirasymyz» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa zähmetsöýer, çeper elli zenanlar gatnaşdylar. Üç tapgyrdan ybarat bolan bu bäsleşige gatnaşyjylar berlen wagtyň dowamynda el işlerini ýerine ýetirmek boýunça özara bäsleşdiler.

Ýeňijilere guramaçylaryň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: