Başlangyç synplarda ýörite maşklardan peýdalanmak
Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler belent maksatlary nazarlaýar we şeýle maksada ýetmek üçin mekdeplerde ýaşlara berilýän bilimiň aýratyn orny bardyr. Mekdepde başlangyç synplarda çagalaryň beden taýdan hem-de akyl taýdan işjeňligini ösdürmek üçin sapagyň dowamynda ýörite maşklardan peýdalanmaklyga ünsi güýçlendirmeli. Başlangyç synpa 6 ýaşyny dolduran çagalar kabul edilýär. Olarda oýun bilen bilelikde okuwa bolan höwesi güýçlendirmek bolsa mugallym üçin iň bir wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Çaga görýän, eşidýän zatlarynyň hemmesine soragly nazar bilen garaýar. Uly adamlaryň olara kömek etmegi çagada ösüşe höwes döredýär.
Çagalarda elleriň, barmaklaryň, penjeleriň we aýaklaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýän maşklar toplumyna ownuk motorika diýilýär. Ownuk motorika maşklarynyň yzygiderli ýerine ýetirilmegi nerw ulgamyna, myşsalar we süňk ulgamyna oňyn täsir edýär, galybersede körpeleriň ýadowlygyny çykarmaga täsiri uludyr. Geplemekde we pikirlenmekde yza galýan çagalary şeýle maşklaryň üsti bilen bejermek işi hem alnyp barylýar.
Mekdeplerde başlangyç bilimi kämilleşdirmek, olaryň gurluş düzümini mazmun taýdan özgertmek, körpeler bilen guralýan okuw-terbiýeçilik işlerini ylmy esasda alyp barmak olaryň okamaklyga bolan höwesini has hem artdyrýar.
Körpeleriň başarnyklarynyň we zehinleriniň ösüşiniň gözbaşy olara oýunlaryň üsti bilen ýetirilýär. Alymlaryň çaklamalaryna görä çagalarda barmaklaryny gatnaşdyryp maşk etmekleri olarda şatlyk duýgusyny güýçlendirýär, çaganyň ýady ösýär, çagalarda hyýal we fantaziýa ösýär. Çagalary maşklary oýun hökmünde kabul edýärler we ýerine ýetirýärler. Dürli el hereketleri barmak oýunlary çaganyň
sözleýiş we akyl taýdan ösüşini höweslendirýaär. Başlangyç synplaryň okuw meýilnamasynda öwretmäge niýetlenen maglumatlary baýlaşdyrmak, çagalaryň ownuk motorikasyna degişli maşklary ýerine ýetirtmek, olary geçmegi kämilleşdirmek maksat edinilýär.
Gülendam ABULOWA,
Darganata etrabynyň takyk ugurly derslere ýöriteleşen 13-nji orta
mekdebiniň başlangyç synp mugallymy