Adamzat jemgyýeti öz ösüş ýolunda bilimleri kämilleşdirmegiň, ösdürmegiň we ony ýaş nesillere ýetirmegiň ýollaryny gözläpdir. Bu zerurlyk bu günlerde hem edil şeýle dowam edýär. Ýaş nesillere mekdebiň ilkinji ýyllarynda bilime bolan höwesi atrdyrmak üçin häzirkizaman pedagoglar birnäçe usullary ulanýarlar. Mekdep döwrüniň ilkinji ýyllarynda çagalar üçin matematikanyň kyn ders däldigini dürli hili oýunlaryň üsti bilen olaryň aňyna ýetirmeli. Çagalarda derse bolan höwesi, söýgini artdyrmak üçin öwrediji oýunlardan peýdalanmaly bolýar. Mugallym dürli hili oýunlaryň üsti bilen başlangyç synplara goşmagyň hasaplanylyşyny, ýatdan çalt hasaplamak endiklerini, ýatkeşligi ösdürmegi, aýyrmagy hasaplamak amallaryny öwredýär. Okuwçylaryň aňyna ýetirilmeli islendik zat olara dürli hili mysallaryň üsti bilen ýetirilmeli.
Nemes matematigi Karl Gaus özüniň başlangyç synpdaky düşen ýagdaýyny ýazyp beýan edipdir. Karl Gaus entäk 10 ýaşyndaka mekdepde mugallym Matematika sapagynda çagalara ýumuş berýär. Ýumuşda 1-den 100 çenli sanlary goşyp jemini hasaplamagy ýazdyrýança Gaus ol mysalyň dogry jogabyny ýazypdyr. Mugallym geň galyp okuwçydan ýumuşy nähili çözendigini soranda ol çepden we sagdan deň uzaklykda durýan sanlary goşup alandygyny we olaryň jemini 50 köpeldendigini aýtýar. Islendik iki belgili sany 101 köpelseň jogaby şol sanyň iki gezek gaýtalanyp ýazylmagyna deňdir. Mysal üçin
25*101=2525
57*101=5757.
Mekdep okuwçylaryna haýsy sany goşanda , aýyranda has tiz hasaplap bolýandygyny reňkli galamlaryň üsti bilen hem oýun görnüşinde gurnap düşündirip bolýar. Oýun bilen düşündirlende çagalar ýadaman sapagyň manysyna düşünýärler. Sapagyň dowamynda saýlanyp alnan oýunlar şol günki sapagyň temasy bilen gabat gelmelidir. Okuwçylara hödürlenýän maglumatlar, getirilýän mysallar delilli bolmalydyr. Sapakda guralýan oýunlar görkezme esbaplar, ýazmaça we dilden maglumatlar, kompýuter, multimediýa we beýleki çeşmeler bilen geçirilmelidir. Çekişme görnüşinde guralýan oýunlar okuwçylara başganyň pikirini diňlemegi, öz pikrini beýan etmegi, pikirini delillendirmegi, hakykata göz ýetirmegi öwredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýörelgelerine esaslanyp bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekde uly işler alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim işgärleriniň öňünde goýýan wezipesine jogap edip zähmet çekmek her bir bilim işgäriniň borjudyr.
Şabibi AMANOWA,
Darganata etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

