Başlangyç synplarda adaty däl sapaklar
Mekdep durmuşy başlangyç synp okuwçylaryň durmuşyna has köp täsirini ýetirýär. 6 ýaşda diňe oýun oýnamak bilen meşgullanýan körpejelerimiz täze bir dünýäniň gapysyny açyp mekdebe gadam basýarlar. Olar kitap okamak, harplar bilen tanyşmak, ýazgy ýazmak yaly yzygider jogapkärçilik duýgusyny çekýärler. Mugallym hem öz gezeginde olary okuwa höweslendirmek üçin adaty däl sapaklary hem guramaly bolýar. Adaty däl sapaklar, bu sapaklaryň täze görnüşlerine degişli bolup, ol soňky döwürlerde ýüze çykandyr. Bular ýaly sapaklar islendi synpyň okuwçylary bilen geçirilip bilner. Bu sapaklaryň aşakdaky ýaly görnüşleri bardyr we mekdep tejribesinde olar mugallymlar tarapyndan geçirilse okuwçylaryň has-da höweslenmegine getirer.
1. Ekskursiýa sapagy- ilki bilen mugallym ekskursiýa gidiljek ýeriň ýolbaşçylary bilen maslahatlaşyp, onuň wagty, ýerine ýetirilmeli işler öňünden meýilleşdirilýär. Sapagyň shemasy çyzylýar. Maksady aýdyňlaşdyrylýar. Şeýle-de ähli okuwçylaraa taýýarlyk görmek, gerekli zatlary öňünden taýýarlamaklyk tabşyrylýar. Ekskursiýanyň dowamynda okuwçylar gören, öwrenen zatlary barasynda özlerine bellik edip alýarlar. Mugallym okuwçylaryň gören, eşiden, öwrenen zatlary hakda sorag- jogap üsti bilen ýa-da ýazuw üsti bilen (beýannama, düzme) ýazdyryp, ony jemleýär.
2. Söhbetdeşlik, sorag -jogap sapagy – munda mugallym okuwçylar bilen haýsy hem bolsa bir ýa-da birnäçe problemany, meseläni ara alyp maslahatlaşyp, çuňňur öwrenýärler.
3. Şanly senelere, baýramçylyklara we ş. m. bagyşlanyp geçirilýän sapak görnüşli çäreler. Bu hili sapaklarda sapaklarda okuwçylar mugallymlar bilen bilelikde dürli temalarda çykyş etmegi öwrenýärler.
Rana ÝANGIÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň başlangyç synyp mugallymy