SPORT WE SYÝAHAT

Basketbol boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiligi jemlenildi

Mary şäherinde basketbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryşlar tamamlandy. Oňa 2006—2007-nji ýyllarda doglan oglanlar gatnaşdylar. Aýlaw görnüşinde geçen ýaryşyň netijeleri boýunça balkanly türgenler çempionlygy gazandylar. Çempionlygy kesgitlän ýaryşyň soňky tapgyrynda duşuşan Aşgabadyň we Balkanyň toparlarynyň oýny has hem gyzykly boldy we balkanly türgenleriň hasabyna 63:62 bilen jemlenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: