- GIŇDIR DÜNÝÄ, GEŇDIR DÜNÝÄ

BAŞGA ÝURDUŇ IÇINDÄKI TÄSIN DÖWLET

Dünýäniň iň owadan künjekleriniň biri bolan Afrika yklymynyň iň günortasynda ýerleşýän  Günorta Afrika Respublikasynyň ortasynda mesgen tutan Lesoto döwletiniň ilaty  1400 metr beletlikde ýaşaýar. Yklymyň köp ýerinde gyş paslynda-da gar göräýmek mesele bolup durýar. Ýöne daglaryň ýokarsynda ýerleşýän bu döwletiň çäginde ol ýylyň köp wagtynda bar. Bu ýerde gyşda sowuk 18 derejä çenli bolup, ondaky Malesunýane şaglawugy  yklymda gyşda doňýan ýeke-täk şaglawukdyr. Lesotonyň ilatynyň 99 göterimi besuto diýen taýpa degişlidir we ýurduň ilatynyň köpüsi 1966-nji ýylda Beýik Britaniýadan garaşsyzlygyny alandan soňra paýtagt Maseru şäherine ýygnandy. Soňky ýarym asyrda şäheriň ilaty 28 müňden  228 müň adama çenli köpeldi. Ýurtdaky Matekane  howa menzili dänýäde iň howply howa menzili hasaplanýar. Onuň uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy bary-ýogy 400 metrdir.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

                                 Taýýarlan Allaýar ORAZOW.