YKDYSADYÝET

«Bäş nur» hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasynda pomidor hasyly ýygnalyp başlandy

 Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Bäş nur» hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasynda pomidor hasyly ýygnalyp başlandy, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar beýär.

Bu ýerde her ýyl 600 tonnadan gowrak pomidor hasyly ýetişdirilýär. Ýokary hilli pomidorlar içerki bazarlar bilen bir hatarda Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlara eksport edilýär. Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň agzasy Rüsdem Bäşimowa degişli üç gektar meýdany eýeleýän ýyladyşhanada dünýäniň ösen ýurtlarynyň baý tejribesi ulanylýar. Pomidor nahallarynyň her biri ortaça 10-15 kilogram hasyl berýär. Awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan önümçilikde 50-ä golaý hünärmen zähmet çekýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: