BIZE YAZYARLAR

Baş Kanunym — baky bagtym, ýaşyl Tugum — dünýä ýalkym

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz taryhyň çuňluklaryndan bäri demokratiýany, adalatlylygy, kanunyň hökmürowanlygyny, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, şeýle-de adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak ýaly ynsanperwer ýörelgelere daýanýan ösüş ýoluny saýlap aldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen häzirki döwürde ata-babalarymyzyň berkarar döwlet gurmak baradaky öwüt-ündewlerine eýerilip, jemgyýetiň asudalygyny, agzybirligini berkarar etmekde Esasy Kanunymyzdan ugur alynýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň konstitusion gurluşyny kämilleşdirmek, döwleti we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň goşa baýram hökmünde bellenilmegi uly many-mazmuna eýedir. Millilige ýugrulan garaýyşlary özünde jemleýän goşa baýram ýurt Garaşsyzlygy, özygtyýarlylygy hakyndaky pederlerimiziň köpasyrlyk arzuwlary bilen, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň binýadyny berkden tutan täze taryhy zamanasynyň arasyndaky mizemez sazlaşygyň döwrebap şöhlelenmesi we onuň aýdyň subutnamasydyr.
Esasy Kanunymyzyň kämillik ýoly we döreýiş taryhy heňňamlaryň jümmüşine uzap gidýär, köklerini ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän döwletlilik ýörelgelerinden alýar. «Konstitusiýa» latyn sözi bolup «constitutio» (tassyk etmek, dikeltmek) diýen manyny aňladýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny gazanmagynyň yzysüre 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi. Şol döwürden başlap Konstitusiýamyz döwrebap derejede halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda milli öwüşginde yzygiderli kämilleşdirildi. Türkmenistanyň Esasy Kanuny halkymyzyň çäk bitewüligini üpjün etmäge, onuň konstitusion gurluşyny goramaga niýetlenilendir. Konstitusiýamyzda halkyň agzybirligi, jebisligi, ynsanperwer ýörelgeleri hem-de maddy-ruhy baýlyklarymyzyň goralyp saklanylmagy baradaky düşünjeler öz beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip, adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary ygtybarly kepillendirilýär. Konstitusiýa adam mertebesiniň, at-abraýynyň goralmagyna, halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna we ýurdumyzyň halkara abraýynyň, konstitusion gurluşynyň we çäk bitewüliginiň üpjün edilmeginiň hukuk güýji bolup hyzmat edýär.
Ýaşyl tugumyz hem güneşli Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny kesgitleýän esasy döwlet nyşanlarynyň biridir. Döwlet baýdagymyza ümmülmez ýaşyl ýaýlalarymyzyň reňki siňip, onda aý-aýdyň gijelerimizi şuglalandyrýan bäş ýyldyz hem-de ýarym aýyň şekili ornaşdyrylandyr, bäş welaýatyň jebisligini, agzybirligini alamatlandyrýan haly göllerimiz bolsa Döwlet baýdagymyza aýratyn bezeg berýär, tugumyzy zeýtun agajynyň şahalarynyň bezemegi hem hemişelik Bitaraplygymyzyň ýer ýüzüne parahatçylyksöýüjilikli ýolunyň buşlukçysydyr. Paýtagtymyzda iň belent Baýdak sütüniniň, Arkadag şäherinde hem-de welaýatlarymyzyň merkezlerinde Baýdak meýdançalarynyň döredilmegi ýaşyl tugumyza bolan sylag-sarpamyzyň nyşany bolup, halkymyzyň watansöýüjiligini hem-de jebisligini, şonuň ýaly-da eziz ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki üstünliklerini we beýik ýeňişlerini dabaralandyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň, başga-da birnäçe abraýly halkara guramalarynyň edaralarynyň öňünde Döwlet baýdagymyzyň belentden pasyrdamagy ata Watanymyzyň milli galkynyş nurunyň dünýä ýaýylmagynyň hem-de halkara gatnaşyklaryndaky belent mertebesiniň aýdyň subutnamasydyr.

Aýmyrat ORAZDURDYÝEW,
Farap etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist.