Saglyk ynsanyň baş baýlygydyr. Halkymyzyň paýhas çeşmesi bolan nakyllarda hem-de atalar sözünde bu barada ýörite nygtalyp geçilýär. Şeýle hem saglygyň gadyryny bilmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek ündelýär. Bu ýörelge häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda hem öz beýanyny tapýar.
Halkymyzyň, şol sanda ýaş nesilleriň saglygyny goramak we berkitmek bilen bagly işleriň saglygy goraýyş ulgamynyň esasy wezipesidigini hem-de muňa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda hereket edýän iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap ylmy-kliniki, bejeriş-anyklaýyş merkezleriniň, saglyk öýleriniň, şypahanalaryň alyp barýan işleri ilatyň saglygyny goramaga we berkitmäge gönükdirilendir. Olarda keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň ösmeginde we onuň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagynda lukman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli başlangyçlaryna has-da rowaçlyk berýän hormatly Prezidentimiziň tagallalaryny aýratyn bellemek gerek. Hut şonuň netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy häzirki ösen derejesine eýe boldy.
Häzirki wagtda gözel Diýarymyzda zamanabap saglygy goraýyş binalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şeýle hem täze saglygy goraýyş binalarynyň gurluşygy dowam edýär. Aşgabat şäherinde Halkara pediatriýa merkeziniň, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň, «Arçman» şypahanasynyň täze goşmaça binalar toplumynyň gurluşyklarynyň dowam etmegi, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çeken Kararlaryna laýyklykda, Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk köpugurly hassahananyň, Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygyna badalga berilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek baradaky aladany aýan edýär.
«Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlara laýyklykda, ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak we berkitmek boýunça giň gerimli işlere rowaçlyk berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris.
Tawus ORUNOWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
