Häzirki wagtda ýurdumyzda dürli keselleriň öňüni almakda, ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmakda we olaryň immuno durnuklylygyny ýokarlandyrmakda möhüm orny eýeleýän saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler barada gürrüň etmek juda buýsançlydyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, ilatymyzyň saglygyny dikeltmek üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde saglyk desgalary, ilkinji nobatda, enäniň we çaganyň saglygyny goramak maksady bilen, paýtagtymyzda we welaýatlarda «Ene mähri» merkezleri gurlup ulanylmaga berildi. Şeýle-de Saglygy goraýşyň maddy we tehniki binýady pugtalandyryldy. Netijede, derman senagatynyň önümçiligi we derman serişdeleriniň görnüşleri artdyryldy. Ilatyň islegine we talabyna görä derman we sargy serişdelerini öndürýän kärhanalaryň sany gün-günden artýar. Halkymyza bejeriş, dikeldiş, saglygy berkitmek üçin hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän şypahanalaryň giň toplumy döredildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda meşhur bolan Ahal welaýatyndaky «Arçman», «Ýyly suw», «Bagabat», Balkan welaýatyndaky «Mollagara», «Awaza», Lebap welaýatyndaky «Farap», Mary welaýatyndaky «Baýramaly», ýurdumyzyň demirgazyk sebitindäki «Daşoguz», Aşgabat şäherindäki «Berzeňňi» şypahanalary ýylyň bütin dowamynda köp sanly raýatlary kabul edýär.
Döwletimizde Döwlet saglyk ätiýaçlandyrylmasy girizildi. Mundan başga-da, raýatlaryň lukmanyň maslahatyndan peýdalanmaklary üçin maşgala lukmançylygy hyzmaty ornaşdyryldy we kämilleşdirildi. Ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagynyň zerurlygy üçin lukmanlaryň we hünärmenleriň iş tejribesini baýlaşdyrmak maksady bilen, öňdebaryjy lukmançylyk merkezlerine okuwa ibermek ýola goýuldy. Türkmen lukmanlaryna abraýly guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklar dürli keselleri anyklamagyň, bejermegiň täze, netijeli usullaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berdi. Şonuň netijesinde, Türkmenistanyň çäginde birnäçe howply keselleriň ýok edilendigi baradaky soňky berlen güwänamalar saglygy goraýyş ulgamyndaky gazanylan uly üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy netijesinde, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi aýratyn buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Gülşat KAZAKOWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň bölüm müdiri.
