BIZE YAZYARLAR

Baş baýlygyň baýramy

Her ýylyň 7-nji aprelinde tutuş adamzat öz saglygynyň şanyna baýram belleýär. Şol günüň Bütindünýä saglyk güni hökmünde ykrar edilenine indi onlarça ýyl boldy. Soňky 10-15 ýylyň içinde bu baýramyň Türkmenistanda bellenilişi aýratyn uly dabaralara beslendi. Lukman ýürekli Gahryman Arkadagymyz ilatyň saglygyny ilkinji nobatdaky zerurlyk hökmünde görüp, bu baýrama uly ähmiýet berdi. Şeýlelikde, Bütindünýä saglyk güni milli senenamyzdan hem özüne orun tapdy.
Nusgawy edebiýatymyzda:
«Saglygyň gadyryn bilgin,
Hasta bolmasdan burun»
diýen dürdäne setirler bar. Bütindünýä saglyk gününiň bosagasynda bu setirler ýene bir ýola seriňe dolýar. Çünki adamzadyň saglygyny goramak düşünjesi haýsydyr bir keseli bejermek däl-de, kesellemegiň öňüni almak ýa-da kesellemezlik bilen baglydyr. Hut, şonuň üçin hem mundan onlarça ýyl ozal Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan her ýylyň 7-nji apreli Bütindünýä saglyk güni hökmünde ykrar edilipdir. Saglyk ― ömrümiziň täji, saglyk ― ömrümiziň baýdagy. Watan täji, Watan baýdagy nähili goralýan bolsa, ynsan saglygy hem şeýle mertebelidir, arzylydyr.
Şu ýyl türkmen halky Bütindünýä saglyk gününi täze döwrüň ganaty, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täze başlangyçlary bilen garşylaýar.
Hormatly Prezidentimiz bu ýokary döwlet wezipesine dalaşgär wagtyn-da, kasam kabul edip, wezipä girişende hem ynsan saglygy hakyndaky aladanyň ilkinji nobatdaky aladalarynyň biri boljakdygyny aýtdy. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen ilkinji Hökümet mejlisinde bolsa Türkmenistanyň
başlangyjy bilen şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habar paýlaşyldy. Türkmenistanyň bu başlangyjy dünýäniň 62 döwleti tarapyndan ykrar edildi.
Edebi eserlerde geçen asyryň 20-nji ýyllarynda Türkmenistanyň çäklerinde welosipede «şeýtan tigir» diýlendigi baradaky setirlere gabat gelýäris. Şondan bir asyrdan soň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu ulagyň ekologiýa we ynsan saglygy bilen bagly ähmiýetini bütin dünýä aýan edýär. Milletler Bileleşigi mundan dört ýyl ozal hut Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 3-nji
iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan eden bolsa, 2022-nji ýylda ony jemgyýetçilik ulaglar ulgamyna hem girizdi. Diýmek, Türkmenistan Bütindünýä welosiped gününiň 20 gün çemesi ozalyndan ýene bir halkara başlangyjynyň ykrarnamasyny gazandy. Bu bolsa tutuş adamzat tarapyndan bellenilýän şanly senäniň gadyr-gymmatyny has-da artdyrýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Bütindünýä saglyk gününi döwrüň ruhuna mynasyp dabaralar bilen belleýäris. Ynsan saglygyny ähli zatdan ilerde goýýan Türkmenistan bu baýramy esaslandyryjy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hem ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridir. Gözbaşyny bu guramadan alyp gaýdan wagyz-nesihat işleri biziň ýurdumyzda hem üstünlikli alnyp barylýar. Bu
işler geljekde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda dowam etdiriler. Tutuş dünýäniň ynsan saglygynyň hormatyna baýram belleýän gününde her biriňize tut ýaly jan saglyk arzuw edýäris! Goý, hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygy, bagtyýar hem sagdyn ýaşaýyş baradaky başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!

Gülendam GÖKOWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.