BIZE YAZYARLAR

Baş aladamyz zenanlaryň saglygy

Bagtyýar zenanlarymyzyň maşgala ojagynda, çaga terbiýesindäki, şeýle-de zähmet çekýän her bir pudagynda orny aýratyndyr. Şol sebäpli ýurdumyzda zenanlarymyza aýratyn hormat, sylag-sarpa goýulýar. Elbetde, olaryň saglygy ugrundaky alada hem hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ilkinji aladalaryň hataryndadyr.
Çärjew etrap hassahanasynda «Ýatgy boýunjygynyň howply täze döremelerine garşy göreşiň» bir aýlygynyň çäklerinde welaýat onkologiýa hassahanasynyň guramagynda «Baş aladamyz zenanlaryň saglygy» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat çäresi hem hut aýal maşgalalaryň arasynda duş gelip bilýän ýatgy boýunjygynyň howply täze döremelerine garşy göreşmekde netijeli işleri içine alýan öwüt-ündewlerden ybarat boldy. Welaýatymyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän zenanlaryň gatnaşmagyndaky, köplenç, 30―50 ýaşaralygyndaky aýallaryň arasynda duş gelip bilýän keselleriň wagtynda öňüni almak, irki döwürde ýüze çykarmak we netijeli bejermek maksady bilen geçirilen çärede hassahananyň aýal hem-de süýt mäzleriniň çiş keselleri bölüminiň lukmanlary bilen bir hatarda, Onkologiýa ylmy kliniki merkeziniň hem tejribeli hünärmenleri çykyş etdiler.
Çykyşlarda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda zenanlaryň saglygyny goramak, onkologiki keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek we saglygy dikeltmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýandygy, şolaryň çäklerinde keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça göz öňüne tutulýan toplumlaýyn-ulgamlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilip, has netijeli bejergileriň geçirilýändigi aýratyn bellenildi. Şeýle-de hünärmenler her bir zenanyň wagtly-wagtynda aýal lukmanlarynyň barlagyndan geçip, olaryň maslahatlaryny almalydygynyň zerurdygyny ýatlatdylar. Bulardan başga-da, dürli keseller bilen kesellemezlik üçin, ilki bilen, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekligiň, kadaly iýmitlenmegiň, lukmanyň maslahatyndan daşary dürli derman gerdejiklerini (antibiotikleri) ýygy-ýygydan ulanmazlygyň, dartgynlylykdan goranyp, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň ähmiýetiniň uludygyny maslahat berdiler.
Ýeri gelende belläp geçsek, welaýatymyzda 30―60 ýaş aralygyndaky aýallaryň arasynda geçirilen skring barlaglarynyň hem zenan saglygyny goramakda oňyn netijelerini berdi.

Gülşat KAZAKOWA,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň aýal keselleri bölüminiň müdiri.