BIZE YAZYARLAR

Baş alada saglyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe halkymyzy ruhubelentligiň we rowaçlygyň ak ýolundan eşretli geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak lukmançylyk ylymlaryny ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek we sporty ösdürmek babatda dünýä nusgalyk işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz  sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary hem-de ony wagyz ediji bolmak bilen, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, bu ulgamy dünýä ülňülerine laýyk derejä ýetirmek meselelerine örän uly üns berýär. Bu ugurda giň gerimli anyk çäreler yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Ruhubelent, sagdyn ýaşamak üçin zyýanly endiklerden daşda durulmalydyr. Bu bolsa, ilki bilen, adamlaryň özlerine bagly bolup durýar. Sebäbi ynsan ýaramaz endige baş goşýan bolsa, onda ol, ilki saglygyny, soň hem öz erkini ýitirýär. Şeýle ýagdaýa düşmezlik üçin  sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, yzygiderli bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmalydyr.

Biziň ýurdumyzda ynsan saglygy ugrunda edilýän aladalaryň  döwletiň iň ileri tutýan ugurlarynyň biridigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Biz bularyň her gün saglygy goraýyş  ulgamynda alnyp barylýan dünýä nusgalyk işleriň netijeleriniň gözli şaýady bolýarys.

Ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti gurmak üçin biziň her birimiziň goşandymyz gerek. Her birimiziň sagdyn bolmagymyz ýurduň berk binýadyna bolan uly goşandymyzdyr. Çünki her bir ýerde sagdyn, üznüksiz akýan çeşme öz gözbaşyny saglyk ummanyndan alyp gaýdýar. Saglyk ummany bolsa tutuş ömrüni sagdyn geçiren,  Watanyň sagdyn neslini döreden maşgaladyr.

Saglygymyzy berkitmek ugrunda dogry we sagdyn iýmitlenmeli, zyýanly endiklerden daşda durmaly, wagtly-wagtynda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, köpçülikleýin ýerlere barlandan soň, beden arassaçylygyna üns bermelidiris.

 Saglygyň gadyryny bilýän adam elmydama sagdyn durmuş ýörelgesinden ýörejek bolýandyr. Sagdyn durmuş şahsy durmuşda üstünligi, işde öňegidişligi, owadanlygy we saglygyň hilini kepillendirýär. Bu ýörelgäniň esasy ugurlary hemmelere aýan bolup, her bir adama başardýandyr.

Enejan Annageldiýewa,

welaýat onkologiýa hassahanasynyň himioterapewt lukmany.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: