Dani Alwes Portugaliýanyň derejesi boýunça üçünji diwiziony bolan Liga 3-de çykyş edýän “San-Žuan-de-Wer” futbol klubunyň şärikdeş eýesi boldy. Klubuň resmi beýanatynda bu ädimiň toparyň taryhynda täze sahypa açýandygy we öwrülişikli pursat hasaplanýandygy bellenildi. Şeýle-de beýanatda Alwesiň topara ýeňiji ruhyýetini we uly maksatlary getirýändigi nygtaldy.
“TyC Sports” neşiriniň habar bermegine görä, Alwes klubuň paýnamalarynyň 50 göterimini satyn aldy hem-de 2025/2026-njy ýyllaryň möwsüminiň ahyryna çenli galan paýlary hem edinmek barada ylalaşyga geldi. Çeşmeler onuň diňe dolandyryş işlerinde däl, eýsem meýdançada-da kömek etmek maksady bilen alty aýlyk şertnama baglaşmak mümkinçiligine seredýändigini habar berýär. Alwes karýerasynda Ispaniýanyň “Barselona” we “Sewilýa”, Fransiýanyň “PSŽ”, Italiýanyň “Ýuwentus”, Braziliýanyň “Baýýa” we “San-Paulu” klublarynda çykyş etdi. Ol soňky gezek 2023-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Meksikanyň “Pumas” toparynyň düzüminde oýnady. Braziliýaly goragçy karýerasynda jemi 46 kubok gazanyp, milli ýygyndy bilen 2009 we 2013-nji ýyllarda Konfederasiýalar kubogynyň, 2007 we 2019-njy ýyllarda Amerikanyň kubogynyň, 2021-nji ýylda bolsa Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy.
«Barselonanyň» ýyldyzy klub satyn aldy
05
Jan
