SPORT WE SYÝAHAT

«Barselona» «Seltadan» utuldy

«Barselonanyň» futbolçylary öz öýünde geçiren duşuşygynda «Seltadan» 1:2 hasabynda utuldylar. Bu barada «ТАСС» ýazýar.
Seltanyň iki pökgisini hem 38-nji we 89-njy minutlarda Santi Mina geçirdi. «Barselonada» 28-nji minutda Lionel Messi tapawutlandy. Duşuşygyň 83-nji minutynda «Barselonanyň» goragçysy Kleman Langle oýundan çykaryldy.
«Barselona» 37 oýundan soň 76 utuk toplady we turnir tablisasynda üçünji orny eýeleýär. Ol Ispaniýanyň çempionatynda ýeňiji bolmak mümkinçiligini ýitirdi. Jemleýji tapgyryň öň ýanynda «Atletiko» 37 oýundan soň 83 utuk, «Real» bolsa 37 oýundan soň 81 utuk gazandy. Dördünji orny 74 utuk toplan «Sewilýa» eýeleýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply