DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Barselona» 36 ýyldan soň iňlis futbolçy bilen şertnama baglaşdy

Ispaniýanyň «Barselona» topary Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» toparynyň futbolçysy Markus Reşfordy kärendesine aldy. Şeýlelikde, Reşford 1989-njy ýyldan soňra ispan toparynda çykyş edýän iňlis futbolçy bolar. Bu barada «Barselona» toparynyň metbugat gullugy habar berdi.
Gazanylan şertnama bir möwsüm üçin göz öňünde tutulandyr we şeýle hem futbolçyny satyn almak hem göz öňünde tutulýar.
Soňky gezek 36 ýyl mundan ozal, Gari Lineker «Barselona» toparynda çykyş eden iňlis futbolçy bolupdy. Ol ispan toparynyň düzüminde 1986 ― 1989-njy ýyllarda oýnapdy.