SPORT WE SYÝAHAT

«Barselona» 1,35 milliard ýewro karz etdi

«Sports.ru»-nyň habar bermegine görä, «Barselonanyň» prezidenti Žoan Laporta klubyň maliýe ýagdaýy barada gürrüň beripdir.

«Barsyň» arassa aktiwleriniň otrisatel ululygy 451 million ýewro barabar (bu klubuň umumy bergisiniň mukdarynyň onuň emläginiň bahasyndan ýokarydygyny aňladýar — «sports.ru»-nyň belligi). Aýlyk üçin klubyň girdejisinden 103% harç edilýär. Bu görkeziji biziň bäsdeşlerimiziňkiden 20-25% köp» diýip ol habar beripdir.

Şonuň ýaly-da ol: «Klubuň ykdysady ýagdaýy örän howsalaly. Maliýe ýagdaýy agyr» diýip, «Barselonanyň» umumy karzynyň 1,35 milliard ýewro barabardygyny aýdypdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: