Şu ýylyň başyna Lebap welaýatynyň ilatynyň bank kartlaryndaky galyndylar 361 million manada barabar boldy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
Pullaryny nagt däl görnüşinde saklaýan adamlar Türkmenabat şäherinde has köpdür. Olaryň bank kartlaryndaky galyndylar 130 milliona manada barabar boldy. Dänew etrabynda bu görkeziji 40 million, Saýat etrabynda 30 million, Köýtendag etrabynda 25 million manada ýetdi. Bu görkeziji ilatyň bank ulgamyna bolan ynamynyň berkeýändigini aňladýar.