YKDYSADYÝET

Balkanda hytaý we ýapon tehnologiýalary bilen kömelek ýetişdirilýär

Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň golaýyndaky Düzmergen ýaýlasyndaky ýyladyşhanada ýetişdirilýän tebigy taýdan arassa, bäsleşige ukyply kömelekler hem oňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan
«Altynnur zamany» hususy kärhanasynyň agzalary tarapyndan taýýarlanýan üýtgeşik iýmitlik nygmatlar sarp edijileriň uly isleglerine mynasyp bolýar.
Ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýyladyşhanadan indi ýedi ýyl
bäri bol hasyl alynýar. Kömelekleriň birnäçe görnüşini ýylyň islendik paslynda ösdürip ýetişdirmek üçin bu ýerde Hytaý, Ýaponiýa ýaly ösen ýurtlardan satyn alnan iň kämil tehnologiýalar ýerlikli peýdalanylýar.
Zerur bolan agrotehniki çäreleriň hemmesi awtomatlaşdyrylan usullarda
ýerine ýetirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: