YKDYSADYÝET

Balkan welaýatynda pagta borçnamasy amal edildi

Balkan welaýatynyň edermen daýhanlary tarapyndan «ak altynyň» bereketli hasyly
ýetişdirilip, pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi barada hoş habar gelip gowuşdy.
Şu mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna iberilen hatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmekde edýän taýsyz tagallalary netijesinde daýhanlarymyzyň tehnikalar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmeginiň, döwletimiz tarapyndan dünýäniň ýokary öndürijilikli, döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagynyň, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň welaýatyň pagtaçy daýhanlaryna şeýle zähmet ýeňşini gazanmaga uly ýardam berendigi bellenilýär. Munuň özi
Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.