JEMGYÝET

Balkan welaýat kitaphanasynda türkmen-amerikan kitap festiwaly geçirildi

Bu medeni çäre Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy mynasybetli guraldy. Onuň bilen utgaşykly geçirilen beýleki çärelere hem işjeň häsiýet mahsus boldy.

Çäre gatnaşyjylar Balkanabat şäherinde bolup, welaýat merkezindäki durmuş maksatly, medeniýet we bilim desgalaryna baryp gördüler hem-de olarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. 

Türkmen-amerikan kitap festiwalyň çäklerinde kitap sergisi, kitaphananyň bölümlerine gezelençler guraldy. Soňra ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Klimou welaýat merkezindäki Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Jemgyýetçilik birleşigi kärhanasynyň Telekeçiler mekdebiniň Balkan welaýat bölümi we ol ýerde alnyp barylýan okuw sapaklary bilen tanyşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: