Baky Bitaraplyk – bu bütin dünýäde parahatçylygy ündeýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumyadamzat ösüşlerine dahylly
meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda milli Liderimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi. Bu seneler Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 12-nji dekabr Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.
Şu nukdaýnazardan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi,
birinji Hazar ykdysady forumynyň Jemleýji Beýannamasynyň bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi milli Liderimiziň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanan uly üstünlikleriniň biridir.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň biziň her birimiz ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere besleýän möhüm wakalaryň şaýady bolýarys. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Diýarymyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä jemgyýetçiliginiň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly, täzeçillik syýasaty netijesinde biziň döwletimiz gysga döwrüň içinde çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň sanawynda mäkäm orun eýeläp, dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň öňünde goýýan strategiki wezipelerini ýerine ýetirmekde bank ulgamy möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň çäklerinde onuň degişli gurallaryny sazlaşykly ulanmak arkaly ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi we makroykdysady deňeçerligi üpjün edilýär.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi jemgyýetçilik durmuşynda we maliýe işinde maglumat we sanly serişdeleriň ähmiýetiniň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Munuň esasy sebäbini ykdysadyýetiň sanly görnüşinde jemlenen mümkinçilikleriniň diňe bir ykdysady ösüşi üpjün etmekde däl, eýsem, ynsan durmuşynyň hem özgermegine getirýändigi bilen düşündirip bolar.
2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň teklibi bilen 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Şol günden bäri her ýylyň 12-nji dekabry – Halkara Bitaraplyk güni dünýäniň ähli ýurtlary tarapyndan uly dabara bilen bellenýär.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmek döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleriň biridir. Baky Bitaraplyk – bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerlige wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymat bolup hyzmat edýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan aýdyň wezipeler dünýäde ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän, halkymyzyň hal-ýagdaýyny barha gowulandyrmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň elmydama jany sag, belent başy aman bolsun! Alyp barýan beýik işleri diňe rowaçlyklara beslensin !
Maral Datowa
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy