BIZE YAZYARLAR

Baky bagtyň mekanyna hoş geldiň, Täze ýyl!

Şöhratly wakalary bilen taryha taryha altyn harplar bilen ýazylan  «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçen we biziň her birimiz üçin uly üstünliklere beslenen ýyly ugurlap, Täze 2024-nji ýyly garşy alýan pursadymyzda  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göni ýaýlymda halkymyza Täze ýyl gutlagyny beýan edip, hemmelere bu ýylda-da rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw etmegi göwnümizi Göge galdyrdy.

Bilşimiz ýaly, her ýyly döwrebap atlandyrmak babatdaky asylly däbimiz agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyryp, halkymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär. Täze ýyl Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen kämil goşgusynyň adyny baýdak edinip geldi. 2024-nji ýyl akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýram ediljek ýyly. Türkmen ruhunyň belentliginiň, türkmen dünýäsiniň gözelliginiň ýyly! Bu ýylyň hut Magtymguly Pyragynyň keremli setirleri deý hümmetli ýyl boljakdygyna halkymyz tüýs ýürekden ynanýar. Ol ynamyň kökleri bolsa öňde goýulýan belent maksatlardan gaýdýar. Biz muňa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban halkymyza Täze ýyl gutlaglaryny diňlänimizde hem ýene bir öwre oraşan göz ýetirdik.

Elbetde, her bir raýatyň şeýle bimöçber aladalar bilen gurşalan döwletinde ýaşamak, işlemek, ata Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine amala aşyrylýan beýik işlere, azajygam bolsa, öz goşandyňy goşmak — biziň her birimiz üçin döwletlilikden nyşan. Eziz Diýarymyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän döwlet Baştutanymyzyň tutumlarynyň rowaç bolmagy halkymyzyň diliniň senasydyr.

Goý, eziz Diýarymyzyň ösüş-özgerişli menzilleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da dowamat-dowam bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.

Baýramhan Röwşenkulyýew,

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: