Watanymyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bu şöhratly senäni uly joşgun we dabara bilen toýlaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk diýmek öz geçmişiňe, öz taryhyňa, öz milletlik derejäňe düşünmekdir we bulary hemmelere düşündirmegi başarmakdyr. Garaşsyzlyk diýmek öz ruhy-medeni, aň-bilim, parasat güýjüňi toplamakdyr we bu beýik güýji ýaşatmakdyr, ösdürmekdir, ony nesilleriň
erkana durmuşynyň hatyrasyna öňe alyp gitmekdir. Şu jähetden, Garaşsyzlyk jemgyýetiň bitewüliginde, asudalygynda, durmuş-ykdysady ugurlaryň ulgamlaýyn ösüşinde aýdyň ýüze çykýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen nurana arzuwlarynyň, arzyly umytlarynyň, erk-islegleriniň hasyl bolmagydyr» diýip bu bu senä ýokary baha berýär. Şoňa görä-de, Garaşsyzlyk taryhy hem döwrebap ykbal kesgitleýji waka bolup, ol türkmen jemgyýetiniň şu günki
gülläp ösýän döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşdy. Bu günki gün türkmen halky asyrlarboýy arzuwlap gelen zamanasynda — bagtyýarlykda, eşretli durmuşda ýaşaýar. Pederlerimiziň yhlasynyň, arzuwlarynyň, amala aşyrylan ummasyz işleriň netijesinde, agzybir halkymyz Garaşsyz ýurduny — berkarar döwletini gurdy, milli baýlyklarynyň hak eýesi boldy. Biziň bu ajaýyp döwrümiz — Garaşsyzlyk eýýamymyz «Berkarar döwlet istärin» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan, «çoh garaşan» zamanasydyr. Bagtyýar türkmen halky indi «Pyragynyň arzuwlan zamany geldi!» diýýär.
Nasiba DURDYÝBAÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň buhgalteri.

