Ýurdumyzyň ösüşiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki batly gadamlary Türkmenistan Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da belent derejelere ýetirýär. Ýurdumyz abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bedew bady bilen okgunly öňe barýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda belent maksatlar rowaçlanýar, her bir günümiz üstünliklere beslenýär. Şeýle ajaýyp ýylda belent maksatlary nazarlap zähmet çekmek, eziz Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmak baky bagtdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik işler durmuşa geçirilýär, halkyň bagtyýar durmuşy üpjün edilýär. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, häzirki wagtda ylym-bilimde hem döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamyny ösdürmäge, ýokary hünärli kämil hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Giň möçberliligi bilen tapawutlanýan ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda has-da ösdürilýär. Ýaşlaryň kämil, bilimli bolmaklarynda bilim edaralarynda maksatlaýyn işler ýola goýulýar hem-de üstünlikli alnyp barylýar. Şunda mekdebe çenli bilim edaralarynda, çagalar baglarynda alnyp barylýan işleri hem bellemek gerek. Çagalar baglarynda körpeleriň milli ruhda terbiýelenmegi, irki ösüşlerini üpjün etmekde öwrediji sapaklaryň guralmagy möhüm ähmiýetlidir. Çünki uly toparlarda öwrediji sapaklar, mekdebe taýýarlamak ýaly işler ýola goýulýar. Sözüň doly manysynda, körpeleriň geljekde bilimleri özleşdirmekleri üçin irki döwürden alada edilýär, olaryň öwrenmäge bolan höwesleri, ukyplary ösdürilýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan beýik işler öz miwesini berýär. Rowaçlyk ýoly bilen öňe barýan eziz Diýarymyzdaky her bir bilim ojagy doly kompýuterleşdirilendir, interaktiw-multimedia enjamlary bilen üpjün edilendir. Bu ösen tehnologiýalar çagalar baglarynda hem ägirt uly ähmiýete eýedir. Çünki körpeler üçin öwrediji sapaklar geçilende, öwrediji oýunlar guralanda multimedia tagtalardaky dürli şekiljikler, suratlar has-da täsirli bolýar. Terbiýeçiler, mugallymlar bu usullardan peýdalanyp, olara reňkleriň atlandyrylyşyny, sanamagy we beýleki mekdebe çenli bilimleri öwredýärler. Bularyň hemmesi häzirki ajaýyp döwrümiziň bize eçilýän miweleridir.
Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyza 35 ýyl dolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyza, eziz Diýarymyza guwanyp, döredijilikli zähmet çekmek, ýaş nesillerimiz, körpelerimiz hakynda alada etmek hem asylly ýörelgämize öwrüldi. Şeýle ajaýyp zamanamyza çäksiz guwanyp ýaşaýan mähriban halkymyz gurýar, döredýär. Bagtyýarlyga, ajaýyp döwrümize guwanyp, döredijilikli zähmet çekmek, ylym-bilimiň ösüşine goşant goşmak uly bagtdyr. Türkmen halkyna bagtyýarlygy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Gülnara HAMRAÝEWA,
Farap etrabynyň 6-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

