JEMGYÝET

Bakuwda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna weloýöriş guraldy

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy Baku şäheriniň deňiz ýakasyndaky Milli seýilgähiniň müdirligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welosipedli ýöriş gurady. Bu barada Azerbaýjanyň Trend habarlar agentligi maglumat berýär.

Weloýörişe diplomatik korpusyň wekilleri, talyplar hem-de welosporty söýüjiler gatnaşdylar. Döwlet baýdagy meýdançasyndan badalga alan weloýöriş Bakuwyň merjeni hasaplanýan deňizýaka seýilbagyndaky welosiped ýodajyklary boýunça dowam etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: