YKDYSADYÝET

Bäherden ýüplük fabriginde ösüş depgini 136,9 göterime barabar boldy

Bäherden ýüplük fabriginde öndürilýän bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa ýüplükleriň agramly bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär.

Ýeňil senagatynyň önümleriniň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, içerki bazarlarymyzy degişli harytlar bilen üpjün etmek, bar bolan çig mal serişdelerini gaýtadan işlemegiň hasabyna pudagyň girdejilerini artdyrmakdaky ählumumy tagallalara mynasyp goşant goşýan bu fabrikde şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 69 million 171 müň 664 manatlyk önüm öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 136,9 göterime barabar boldy. «Türkmenistan» gazetiniň ýazmagyna görä, öňdebaryjy kärhanada degişli döwürde, esasan-da, 27/1, 34/1, 51/1 belgili ýüplükler öndürilip, ýüplükleriň agramly bölegi daşary döwletlere eksport edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: