YKDYSADYÝET

«Bäherden» tikin fabriginde geçen iki aýda bir ýarym esseden gowrak ösüş gazanyldy

Bäherden etrabyndaky «Bäherden» tikin fabriginde ýanwar-fewral aýlarynda 1 million 379 müň manatlyga golaý önüm öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 161,3 göterim ösüş gazanyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Fabrikde işleriň aglabasy ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we kärhanalaryň buýurmalary esasynda ýerine ýetirildi. Ekologiýa taýdan arassa nah matadan tikilýän dürli görnüşdäki we ölçegdäki lybaslaryň, ýorgandyr düşekleriň, ýassyklardyr ýassykdaşylaryň hem-de beýleki tikin önümleriniň hiliniň ýokarydygy müşderileriň göwnünden turýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: