YKDYSADYÝET

«Bäherden» tikin fabriginde 124 göterim ösüş depgini gazanyldy

Ahal welaýatyny Bäherden etrabyndaky «Bäherden» tikin fabriginde ýanwar — iýul aýlarynda 7 million 239 müň manatlyga golaý önüm öndürildi. Netijede geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümçilik işinde 124 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Fabrikde esasy işler degişli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we kärhanalaryň buýurmalary esasynda ýerine ýetirilýär. Ýylyň başyndan bäri bu ýerde ekologiýa taýdan arassa nah matalardan dürli reňkdäki, görnüşdäki we ölçegdäki ýöriteleşdirilen iş lybaslary, ýorgandyr düşekler, ýassyklardyr olaryň örtükleri, tikin önümleriniň başga-da birnäçe görnüşi tikildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: