DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Bahasy 2 aýda üç esse gymmatlady

Mýunheniň «Bawariýasynyň» hüjümçi ýarymgoragçysy Lennar Karl Transfermarkt portaly tarapyndan täzelenen reýtinge görä, iki aýyň dowamynda bazar bahasyny 20 million ýewrodan 60 million ýewro çenli ýokarlandyrdy. 17 ýyl 10 aý ýaşyndaky futbolçy 18 ýaşdan kiçi oýunçylaryň arasynda dünýäniň iň gymmat oýunçysy bolup, Germaniýanyň Bundesligasynda hem umumy reýtingde ýedinji orny eýeledi. Onuň bahasynyň şeýle tiz ösmegi 2004-nji ýyldan bäri çempionatda hasaba alnan iň uly ösüşleriň biri hökmünde bellenilýär.
Transfermarkt-yň Germaniýa boýunça baha koordinatory Tobias Kregeriň bellemegine görä, Lennar Karl birnäçe hepdäniň dowamynda «Bawariýanyň» esasy düzüminde orun alyp, möwsümiň iň gyzykly oýunçylarynyň biri hökmünde özüni görkezdi hem-de Çempionlar ligasynda yzygider üç duşuşykda gol geçirmegi başardy. Bundesliganyň iň gymmat oýunçylarynyň ilkinji ýedi ornunyň «Bawariýanyň» futbolçylaryna degişlidigi, şol sanda Jamal Musialanyň we Maýkl Oliseniň her biriniň 130 million ýewro baha bilen klubuň iň gymmat oýunçylarydygy hem täzelenen reýtingde görkezilýär.