BIZE YAZYARLAR

Baharyň täsiri

Tebigatyň janlanýan pasyly-Bahar. Bahar pasly özüniň gözelligi bilen özüne çekýän bolsa-da onuň adam saglygyna erbet täsir etýän ýagdaýlary hem duşýar. Bahar paslynyň howasy üýtgäp durýanlygy üçin adam bedenine täsiri hem üýtgeýär.                                                                           Bahar paslynda esasan hem adamlarda sowuklama, allergiýa we beýleki kesellere duşmak bolýar. Keselleriň öňüni almak, kesele garşy bedeniň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin melhem çaýlary içmek maslahat berilýär. Dürli hili dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlary içmek sowuklamanyň öňüni almaga, immunitetiň ýokarlanmagyna ýardam eder .
Burundan suwuklyk akmagy, gözleriň ýaşarmagy, asgyrmak allergiýanyň ilkinji alamatlary bolup käbir adamlar muňa kän üns hem bermeýärler we onuň has hem güýjemegine şert döredýärler. Allergiýa esasan hem Bahar paslynda ýüze çykyp ol adam bedeniniň käbir zatlara ýiti garşylygydyr. Ol birnäçe minutdan birnäçe güne çekip bilýar. Allergiýanyň ýüze çykmagyna bolsa melhem çaýlarynyň kömegi degmese gerek. Hökmany suratda maşgala lukmanlara ýüz
tutup allergiýanyň alamatlarynyň öňüni almagy maslahat berýäris.
Bahar paslynda beýleki möwsümlere seredilende köpräk öýde we iş otaglarynda aýna-gapylaryň yzygiderli açylyp otagyň içiniň şemalladylyp durulmagyny maslahat berýäris. Pasyl çalşygy döwründe adam bedeni witaminlere garyp bolýar. Şonuň üçin esasan bu pasylda dermanhanalara satylýan witaminlerden alyp içmegi hem birnäçe lukmanlar maslahat berýärler.

MYRADOWA Ogulşat
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: