Baharyň aýdymy
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde gözel ülkämize bahar paslynyň gelmegi mynasybetli “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň IV ýyl talyby Merdan Ismailowyň (mugallym Tatýana Hanyň synpynda) umumy fortepiano dersi boýunça ýekelikdäki ajaýyp konserdi geçirildi. Konsertde türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri ýerine ýitirildi.
Konsertde ilkinji bolup I.S.Bahyň prelýudiýa C-dur polifoniki eserini ýekelikde ýerine ýetirdi. Ol bu eseriň polifoniki öwüşginlerini ussatlyk bilen görkezdi. Soňra romantik kompozitory Frederik Şopeniň noktýurn op.9 №2 Es-dur eserini ýekelikde ýerine ýetirdi. Bu eser Şopeniň tanymal eserlerinden biri.
Konsert meýilnamasynyň üçünji böleginde “Kirişli saz gurallary” bölüminiň III ýyl talyby Nargis Karimowanyň we Merdan Ismailowyň sazandarlyk etmeginde italýan kompozitory Wittorio Montiniň “Çardaş” eseri ýerine ýetirildi. Soňra Merdan Ismailowyň ýekelikde ýerine ýetirmeginde fransuz kompozitory K.Gardeliň “Por una cabeza” eseri ýaňlandy.
Merdan Ismailowyň sazandarlyk etmeginde türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň Üç desse wokal toplumyndan “Haýrana galar” romansyny “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň III ýyl talyby Selbi Imamowa ýerine ýetirdi. Bu romansda türkmen gelin-gyzlarynyň owadanlygy şahyrana sözler bilen wasp edilýär. Soňra amerikan kompozitory J.Gerşwiniň prelýudiýasyny ýekelikde ýerine ýetirýär. Prelýudiýa B-dur tonallykda, blýuz hasiýetli ýazylan.
XX asyryň argentinaly kompozitory A.Piazzolla “Libertango” eserini “Kirişli saz gurallary” bölüminiň III ýyl talyby Nargis Karimowa we Merdan Ismailowyň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirilýär. Bu eseriň ady iki sözi birleşdirýär azatlyk we tango.
Konserdiň jemleýji böleginde Merdan Ismailowyň sazandarlyk etmeginde we “Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymlary Jemal Hudaýberdyýewa, Anwar Jumakulyýew, “Kirişli saz gurallary” bölüminiň talyplary Nargis Karimowa, Güljahan Myradowa, Enejan Nuryýewa, Grant Artunýan, Azat Gapbarow, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň talyplary Döwlet Kemalow, Nurana Orazkulyýewa, Mekan Bäşimow, “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň talyby Tyllajan Dawletowyň ýerine ýetirmeginde italýan kompozitory L.Einaudi “Experience” eseri ýaňlandy. Olaryň ussat ýerine ýetirijiligi kamera orkestry ýaly duýuldy.
Merdan Ismailowyň taýýarlygynda uly roly onuň terbiýeçi mugallymy Tatýana Han eýeleýär. Onuň mugallymçylyk tejribesi uludyr, mugallym 30 ýyldan gowrak Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde işleýär. Ol birnäçe zehinli talyplary ýetişdirdi.
Konserde gatnaşan mugallym we talyplara sungat üstünliklerini dileýäris!
RUSLANOWA Zalina,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň IV ýyl talyby