Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesilleriň sanly tehnologiýalardan we häzirki zaman ylymlaryndan oňat baş çykarmaklary, halypa-şägirtlik ýol-ýörelgesini dowam edip, saýlap alan hünärleri boýunça zehinlerini doly ýüze çykarmaklary üçin ähli şertler döredilýär.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde döredijilik duşuşyklary, baýramçylyk dabaralary, hasabat konsertleri yzygiderli geçirilýär. Ýakynda bahar paslynyň gelmegi mynasybetli mekdebimiziň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň III-ýyl talyby Örejemal Nepesowanyň hünär dersi boýunça ýekelikdäki “Bahar paslynyň owazy” atly konserdi geçirildi. Bu täsirli konserdi “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň mugallymy Ruhiýa Hakimowa taýýarlady.
Konsert maksatnamasy özüniň çylşyrymlylygy hem-de dürlüligi bilen tapawutlandy. Onda türkmen saz sungatynyň altyn hazynasyna giren ajaýyp eserler bilen bir hatarda, dünýä nusgawy kompozitorlarynyň hem eserleri ussatlarça ýerine ýetirildi.
Konsert D.Hydyrowyň “Akja bulutlar” atly aýdymy bilen joşgunly açyldy. Konsertiň dowamynda talyp Ö.Nepesowanyň ýerine ýetirmeginde Gendeliň “Flawio” operasyndan “Che bel contento sarebbe amore” atly ariýasy, J.Rossininiň “La cambiale di matrimonio” operasyndan bölekler we W.A.Mosartyň “Figaronyň toýy” operasyndan Kerubinonyň ariýasy örän ezberlik bilen ýaňlandy. Bu ajaýyp eserler diňe bir owaz däl, eýsem tehniki taýýarlygy, opera sungatynyň inçe tilsimlerini, ýerine ýetirijilik ussatlygyny talap edýändir. Talybyň ýerine ýetiren her bir owazy diňleýjileriň kalbynda ähmiýetli orun alyp, eserlerdäki gahrymanyň keşbini janly we ynandyryjy görnüşde janlandyrmagy başardy.
Şeýle-de konserdiň dowamynda türkmen saz sungatynyň ussatlary bolan N. Halmammedowyň “Karkaranyň aýdymy”, W.Muhadowyň “Ilki söýgüm nirde sen” ýaly eserleri diňleýjileriň gyzgyn söýgüsini gazandy. Sebäbi türkmen kompozitorlaryň eserleri çeperçilik aýratynlygy bilen bütin dünýäde tanalýar. Soňra A.Şapoşnikow we D. Öwezowyň döreden “Şasenem-Garyp” operasyndan “Şasenemiň ejesine ýalbarmagy” atly ariýasynda, Şasenemiň monologynyň dramatiki häsiýetini ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi, talybyň artistlik ukubynyň ýokarydygyny görkezdi.
Ö.Nepesowanyň “Päk söýgüniň güýji” spektaklyndan “Mähribanlar” eserini “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň II-nji ýyl talyby I.Gylyjow bilen bilelikde ýerine ýetirmegi dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu esere mekdebiň “Umumy fortepiano” bölüminiň mugallymy M.Joraýewa sazandarlyk etdi.
Konsertiň Ç.Nurymowyň “Türkmenistan-Baharystan” atly eseri bilen jemlenmegi diňleýjilerde ata Watanymyza bolan buýsanjy has-da artdyryp, dabara uly ruhubelentlik goşdy. Ýaňlanan eserlere “Fortepiano” bölüminiň mugallymy A. Ilowa we “Kirişli saz gurallary” bölüminiň IV-ýyl talyby N.Karimowa sazandarlyk etdiler. Sazandarlyk ediji A. Ilowanyň her bir eseriň sazyny inçelik we sahnadaky duýgurlygy bilen we eseriň çylşyrymly ýerlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi Ö. Nepesowanyň sesiniň has-da owadan we joşgunly ýaňlanmagyna ýardam berdi.

Konsert dabarasynyň täsirli hem-de üstünlikli geçmeginde Ö.Nepesowanyň hünär mugallymy R.Hakimowanyň irginsiz zähmeti ýatyr. Hünär mugallymy R.Hakimowa 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagy, onuň sungat ýolundaky ýokary ussatlygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu geçirilen konsert halypa bilen şägirdiň arasynda ruhy baglanyşygyň beýanyna öwrüldi. Konsertiň dowamynda ýaňlanan dünýä we milli nusgawy eserler ýaş zehinli aýdymçynyň ussatlygyny görkezmek bilen bir hatarda, onuň hünär mugallymy, halypasy R.Hakimowanyň pähim-paýhasyny we zähmetsöýerligini görkezdi. Hünär ussatlygynyň täze belentliklerini eýelän mugallym R.Hakimowa we onuň zehinli şägirtlerine şeýle-de konsert dabarasyna gatnaşan mugallymlara, talyplara geljekde sungat äleminde uly üstünlikler, täze-täze döredijilikli ýeňişleri arzuw edýäris. Halypa-şägirtlik ýörelgesi milli medeniýetimiziň we aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine we kämilleşmegine egsilmez güýç kuwwat bersin!
Leýla HAIDOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Fortepiano” bölüminiň mugallymy.


