Bahar paslynyň gelmegi bilen daş-töweregimizi täsin gözellik gurşap alýar. Ýöne beden sagdyn bolmasa, baharyň saglyga ýaramaz täsir edýän alamatlary adamyň ynjalygyny gaçyrýar. Olar iýmit siňdirişiň bozulmagy, bedeniň gowşamagy, kellagyry, ukuçyllyk, göwnüçökgünlik ýa-da gaharjaňlyk ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna getirýär.
Bu möwsümde ynsan saglygyna täsir edýän üýtgemeleriň ýaramaz täsirinden goranmak mümkindir. Munuň üçin her bir raýatyň üns bermeli düzgünleri, esasan, şulardan ybarat: baharda bedeni kuwwatlandyrmaly we immuniteti pugtalandyrmaly. Hususan-da, gündelik iýmitde baharda ýetişýän ir-iýmişlere, miwelere, gök-bakja önümlerine köp orun bermeli. Olarda witaminler, mikroelementler, kletçatkalar köp bolýar. Tudana, ülje, rediska, hyýar, käşir, kelem, şugundyr, badamjan, pomidor, ýaş sogandyr sarymsak ýaly ter gök otlar, şeýle hem hozlaryň dürli görnüşi, sitrus miweleri ulanylanda, beden tiz gurplanýar. Bu pasylda lukmanyň maslahaty boýunça witamin-mineral toplumlaryny kabul etmek hem peýdalydyr. Munuň özi gyş paslyndan soň ýüze çykýan witamin ýetmezçiligi bolan gipowitaminozyň, ýiti respirator wirusly ýokançlaryň we beýleki keselleriň öňüni almaga ýardam edýär.
Baharyň gelmegi bilen gijeler gysgalyp, gündiz wagty uzaýar. Şonuň netijesinde adamyň bedeninde bolup geçýän gormonal üýtgemeler nerw ulgamyny dartgynly ýagdaýa salýar. Şeýle bolansoň, bu döwre mahsus bolan tebigy şertlere uýgunlaşmak üçin bedeniň nerw ulgamyny rahatlandyrmaly. Eger nerw dartgynlylygy birahat etmeýän bolsa-da, işi dynç alyş çäreleri bolan gezelençler, aýdym-saz diňlemek, medeni çärelere gatnaşmak bilen utgaşdyrmaly. Bahar gelende allergiki täsirler hem güýjeýär. Bu ýagdaý käbir iýmitler bilen, şeýle hem ýazda ösümlikleriň güllemegi, gyşky yzgaryň aşagynda dörän ösümlik çüýrüntgilerinde emele gelen kömelejikli mikroorganizmleriň köpelmegi bilen baglanyşyklydyr. Olaryň döredýän allergiýasy anyklanan ýagdaýynda adam allergolog lukmanyň maslahaty boýunça bejergi almalydyr.
Baharda, onda-da onuň başky aýynda howanyň ýygy-ýygydan üýtgäp durmagy käbir adamlarda arterial gan basyşynyň, ýürek-damar işjeňliginiň üýtgemegine sebäp bolýar. Şeýle ýagdaýlarda kardiolog, newropatolog lukmanlar bilen maslahatlaşyp durmaly. Ýeňil iýmitlenmeli, ylaýta-da agşamlyk naharyny irräk edinip, ýeňil siňýän önümler bilen çäklenmeli. Adama kadaly we rahat uky hem gerek, ýatylýan otagyň içini wagtal-wagtal ýelejiredilmeli. Arassaçylygyň, şahsy gigiýenanyň we suw bejergileriniň saglygy berkidýändigini unutmaly däl. Baharda saglyk ýagdaýyňy nazara alyp, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, ir ertir we agşamlaryna gezelenç etmek hem immuniteti pugtalandyrmagyň ygtybarly usulydyr.
Muhabbat ÝAŇYBAÝEWA,
Lebap welaýat psihonewrologiýa hassahanasynyň lukmany.

