Ine, ýene-de ülkämize bahar geldi! Asman durlanyp, ýer ýüzi ýaşyl lybasa bürenip, göwnümiziň giňeýän pursatlary başdan geçirýäris. Şeýle ajaýyp günlerde diňe bir daş-töweregimiz däl, eýsem kalbymyz hem täze owazlara, näzik saza garaşýar. Çünki baharyň gelmegi — durmuşyň täzeden janlanmagy, söýginiň we sungatyň dabaralanmagydyr.
Şeýle hem bahar paslyna bagyşlap 2026-njy ýylyň 4-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň III ýyl talyby Örejemal Nepesowanyň “Bahar paslyň owazy” atly ýekelikdäki konserti geçirildi. Bu konsert hem edil baharyň tämiz şemaly ýaly, her birimize ruhy lezzet paýlady. Örejemalyň aýdym-saz dünýäsine bolan çuňňur söýgüsi diňe bir aýdym aýtmak hünäri däl, eýsem onuň bütin durmuşynyň yşygydygyny açyp görkezdi. Zalyň güller we kebelekler bilen bezelmegi has täsirli boldy.
Konsert repertuarynda türkmen kompozitorlary D. Hydyrowyň “Akja bulutlar” we W. Muhadowyň “Ilkinji söýgim, nirde sen” ýaly aýdymlary, dünýä saz mirasynyň görnükli wekilleri bolan W.Mosart “Figaranyň toýy” operasyndan “Ariýa Kerubino”, G.Rossininiň “La cambiale di matrimonio” eserleri, şeýle-de” Kirişli saz gurallar” bölüminiň lV ýyl talyby Nargiz Karimowa bilen birlikde (sazandarlyk edýär A.J.Ilowa) N.Paganini “Lo ti Penso Amore” diýen eseri ýerine ýetirildi. Skripkanyň näzik sesi bilen Örejemalyň şirin sesiniň utgaşmasy diňleýjilere ýakymly täsir galdyrdy. Konsertiň iň gyzykly pursatlarynyň biri hökmünde “Päk söýginiň güýji” spektaklyndan “Mähribanlar” aýdymy (sazandarlyk edýär M.Joraýewa) ýaňlandy. Bu eseri Örejemal Nepesowa we “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň II ýyl talyby Intizar Gylyjow bilen bilelikde, ussatlarça ýerine ýetirdiler. Mundan başga-da “Şasenem-Garyp” operasyndan parçalar we Ç. Nurymowyň “Türkmenistan-Baharystan” eseri mähriban diýarymyzyň bahar paslynyň hakyky gözelliginiň aýdymy bolup ýaňlandy.
Hünär mugallymy, “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňjisi R.J.Hakimowa we konsertmeýsteri A.J.Ilowa tarapyndan taýýarlanylan bu döredijilik sowgady, her bir diňleýjiniň ýadynda iň süýji ýatlama bolup galdy.
Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň döredijilik ýollarynda uly üstünlikleri gazanmagy üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagamyza talyp ýüregimizden minnetdarlyk bildirýaris.
SERDAROWA Leýli,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryyeti” hünäriniň III ýyl talyby.

