BIZE YAZYARLAR

Bahar joşguny

Berkarar döwletimizde türkmen ýaşlaryna bilim bermek, olara halypalyk etmek we ylym-bilim ulgamynda halypa-şägirt gatnaşyklaryny netijeli ýola goýmak babatynda döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, halal zähmet çekmek, öz hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak we ýaşlary ylym ojagyna atarmak her bir mugallymyň borjudyr. Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebinde saz teoriýasy we dürli saz gurallar boýunça kämil bilim berilýär. Halypa mugallymlar, ýaş we tejribeli mugallymlar her bir okuwçy bilen aýratynlykda işläp, saza ukyply okuwçylary ýetişdirýärler.
Tebigaty janlandyrýan bahar paslynyň ilkinji aýynda ýurdumyzda dabaralanýan Bahar baýramçylygy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda hem dürli baýramçylyk çäreleri bilen utgaşyp, ulydan toýlanýar.
Şeýle baýramçylyk çäreleriniň biri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň “Türkmen milli we Halk saz gurallary” bölüminiň mugallymy jennet Orazowanyň synp konsertidir. Konsertiň dowamynda Jennet Orazowanyň okuwçylary türkmen we daşary ýurt nusgawy kompozitorlarynyň watançylyk, söýgi temasyndaky aýdymlary, türkmen nusgawy sazlary, enelerimizi, gözel tebigatymyzy wasp edýän eserleri ýokary derejede ýerine ýetirdiler.


Konsertda Jennet mugallymyň ýolbaşçylyk edýän akkordeon ansamblynyň ýerine ýetiren “Wals” sazy saz söýüjileriň söýgüsine mynasyp boldy. Bölümiň III synp okuwçysy Remezan Rozyýewiň D. Nuryýew “Kiçijek balykçy”, “Halk heňi”, II synp okuwçysy Döwran Akyýewiň D. Nuryýew “Taýçanak”, IV synp okuwçysy Parahat Rahmetgulyýewiň A. Kulyýew “Tüýdük çalýan oglanjyk” ýaly ýerine ýetiren türkmen kompozitorlarynyň sazlary, şeýle-de mekdebiň III synp okuwçysy Allanur Emelowyň ýerine ýetiren türkmen halk sazy “Sen-sen” eserleri baýramçylygyň şowhunyna şowhun goşdy. Çeh çagalar aýdymy “Annuşka” II synp okuwçy Awazbek Wahapjanowyň, G. Miller “Fokstrot” IV synp okuwçysy Parahat Rahmetgulyýewiň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan daşary ýurt sazlary konserda gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.


Baharyň ajaýyp al-elwan güllere meňzeýän gelin-gyzlarymyz edep-ekramyň, gözelligiň, sadalygyň nusgasydyr. Milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, olary nesilden-nesle geçirmekde we çagalary milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmekde enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň zähmeti ulydyr.
Watanymyzyň ajaýyp geljegini döretmekde, ýaş neslimizi terbiýelemekde, olaryň ýokary derejede bilim almaklary üçin uly zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ömri uzak, belent başy aman bolsun.

Jennet ORAZOWA,
Türkmenabat şaheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.