BIZE YAZYARLAR

Bahar  gunçalary

Ýaňy  ýakynda  welaýatymyzyň  merkezi bolan  Türkmenabat  şäheriniň  2-nji  çagalar sungat  mekdebinde  Milli  bahar  baýramyna  bagyşlanan  ýaş  zehinleriň  konserti  geçirildi. Konsertde mekdebiň  ″Kirişli saz gurallar″  bölüminiň mugallymy Ÿulduz Nazarowanyň  kiçi  synp  okuwçylary çykyş  edip, özüniň zehinini,hyjuwyny  görkezip, saza  bolan  çäksiz  söýgüsini  diňleýjilere  ýetirmegi  başardylar. 

Konsertiň  meýilnamasynda türkmen  we  daşary  ýurt  nusgawy  kompozitorlarynyň  eserleri  ýaňlandy. Mugallym  özüniň  okuwçylarynyň  başarnygyna  we  mümkinçiliklerine  görä  eserleri  saýlamagy başarmakdan  daşary  hem  okuwçylaryň  sahnada  özüni alyp  barmak  medeniýetine  hem  üns  berýändigi  çagalaryň  çykyşlaryndan  aýdyň  duýulýar.

Konsert  skripka  hünäriniň birinji  synp  okuwçysy  Nurmyradowa      Çynaryň N.Muhadowyň  ″Horazjyk″ atly  eseri  bilen  başlandy. Çynarjan bu  eseri  uly  höwes  bilen  ýerine  ýetirip, diňleýjileriň  gyzgyn  el çarpyşmalaryny  gazandy.

Soňra  1-nji synp okuwçysy  Nuriddinowa  Leýli  Ç.Babaýewiň ″Kiçijik wals″  atly  eserini  özüniň ýaşlygyna seretmezden  häsiýetine  doly  girişip, ýerine  ýetirdi. Ýene-de  1-nji synp  okuwçysy  bolan  Bekiýewa  Aýgüliň  awstriýaly beýik  kompozitory  W.Mosartyň ″Allegretto″ eserini  ýeňil  we  ýagty äheňde, sazlaşykly çalmagy  başardy.

4-nji  synp  okuwçysy Ajap  Rozyýewanyň  bolsa rus  nusgawy kompozitory P.Çaýkowskiniň ″Neapolitan  aýdymy″  atly  ajaýyp  eseri  ýerine  ýetirmek  paýyna  düşüp,  ony Ajap  uly  höwes  bilen ýerine  ýetirip, eseriň  dowamynda  ähli  ştrihleri  arassa we  heňi  akgynly , üzünüksiz alyp  gitmegiň hötdesinden geldi.

1-nji  synp  okuwçysy  Sewinç  Nowruzowanyň  ýerine  ýetirmeginde bolsa W.Rebikowyň ″Serçejik″  atly oýun  häsiýetli  eseri  gaty owadan we  ýerlikli  ýaňlandy.  Ähli  okuwçylaryň  üstünlikli  çykyşyna  elbetde  gaty  duýgurlyk  bilen  sazandarlyk  eden mugallym J.Orazowanyň  zähmetini  bellemek  hökmanydyr. Kiçijik  sazandalara  konsertmeýsterlik  etmek  gaty uly jogapkärçiligi, sabyrlylygy, hünär  mugallymyndan  bolsa  okuwça  bolan  ynamy we öz hünärine wepalylygy   talap  edýär.

Şeýle  üstünlikli  geçen bu baýramçylyk  konserti  hem mugallymlar  bilen okuwçylarynyň  saza  we  öz  saýlap  alan  hünärine  bolan  uly  söýgüsiniň  aýdyň  subutnamasydyr.

Türkmenabat śäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniñ mugallymy Ÿulduz Nazarowa 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: