«Bagtyýarlykda» ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi
Türkmenabat şäher häkimliginiň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan mekdep okuwçylarynyň arasynda döredilen ýaş ýangyn söndüriş toparlarynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat ediji bäsleşik geçirildi. Ony biziň bölümimiz bilen welaýat baş bilim müdirligi, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde guradylar.
Sapaly künjekde dynç alýan çagalar toparlara bölünip, bäsleşigiň şertlerini berjaý etdiler. Olaryň arasynda has ezberler we başarjaňlar öňe saýlandylar. Ýaryşyň jemi boýunça onuň ýeňijileri yglan edildi we olara çäräni guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle çäreler bilim ojaklarynda we çagalaryň dynç alýan ýerlerinde yzygiderli guralýar. Olar çagalaryň arasynda ýangyn-amaly sportuny wagyz etmekde, has-da kämilleşdirmekde we ýaýbaňlandyrmakda ähmiýetli bolýar.