Tomus möwsüminiň başlamagy bilen Türkmenabat şäheriniň etegindäki «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde iýun aýynyň 2-sinde başlanan möwsümde welaýatymyzyň dürli künjeginden gelen çagalaryň 300-si dynç alýar. Bu gezekki möwsüm üç tapgyr dowam edip, her biri 20 günden ybarat bolar.
Tomusky dynç alyş möwsümine öňünden taýýarlyk görlüp, çagalaryň wagtyny şadyýan geçirmekleri, kadaly dynç almaklary üçin ähli şertler döredildi. Oýun otaglary, açyk howuz, sport desgasy, surat, aýdym-saz otaglary, kinozal dynç alýan çagalaryň hyzmatynda.
— Çagalaryň tomusky dynç alyş döwründe wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin merkezimiziň mugallymlardyr terbiýeçileri yhlasly zähmet çekýärler. Çagalaryň saglygy hem hemişelik aladamyz. Şeýle hem degişli lukmanlar çagalaryň iýmitiniň kadaly bolmagyna yzygiderli gözegçilik edýärler.
Möwsüm açylaly bäri birnäçe sport çärelerini geçirdik. Geljekde hem çagalaryň wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirmekleri üçin täsirli çäreleri geçirmekligi meýilleşdirýäris. Merkezimize sowgat berlen awtobuslar arkaly Türkmenabat şäheriniň gözel ýerlerine gyzykly gezelençler ýola goýuldy — diýip, merkeziň direktory Maral Şirowa gürrüň berýär.
«Bagtyýarlykda» dynç alşyň birinji tapgyry dowam edýär

14
Jun