Türkmenabat şäher häkimligine degişli «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde taýýarlyk işleriniň aýratyn guramaçylykly ýola goýlandygyny bellemek bolar. Bu sapaly mekanda çagalaryň kadaly dynç almaklary, dürli ugurlar boýunça zehinlerini ýüze çykarmaklary, zähmet endiklerini kemala getirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir.
Merkezde möwsümiň dowamynda ýaş nesilleri hünärlere ugrukdyrmak we durmuşa taýýarlamak maksady bilen hünär hem-de aýdym-saz gurnaklary hereket eder. Çagalaryň daşary ýurt dilleri, kompýuter sowatlylygy boýunça bilimlerini artdyrmak, ýazyjy-şahyrlar, ussat medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşyklary, döwrebap kärhanalara, tebigatymyzyň gözel ýerlerine, muzeýlere, taryhy-medeni ýadygärliklere gezelençlerini guramak işleri hem göz öňünde tutulýar. Möwsümiň dowamynda ýaş nesiller Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda çagalara niýetlenen sahna eserlerine tomaşa ederler, şeýle hem «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde bar bolan döwrebap sport desgalarynda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda milli oýunlar boýunça ýaryşlary, bäsleşikleri yzygiderli geçirmek meýilleşdirilýär.
“Bagtyýarlykda” çagalara gyzykly dynç alyş garaşýar

03
Jun