Şanly şygarymyz, altyn ýolumyz –
Öňe, öňe, bedew batly Watanym!
Türkmen ykbalyna ýalkym ýolumyz,
Öňe, öňe, bedew batly Watanym!
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu gün ýurdumyzda medeniýet, sungat ulgamynda bilim alýan ýaşlar üçin öz sungatyny, zehinini açyp görkezmäge ähli şertler döredildi. Şeýle mümkinçilikler peýdalanyp Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde irginsiz zähmet çekýän mugallymlaryň biri Sardarýan Suraý Akmuradownanyň
ýolbaşçylygynda mekdebiň bezegi bolan “Türkmeniň Altyn Asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi , Halkara bäsleşikleriniň baýrakly orunlarynyň eýesi, Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherindäki Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly Halkara sungat festiwalynyň diplomanty “Bagtyýarlyk” skripkaçylar ansambly dünýä sazlarynyň ajaýyp dürdänelerinden düzülen konsertini gurnap, çykyş etdiler.
Bu ansambl 2012-nji ýylda mugallym Sardarýan S.A. tarapyndan döredilip, ençeme ýyldan bäri welaýat derejesinde giňden bellenýän baýramçylyk çärelerinde, döwlet derejesinde geçirilen birnäçe binalaryň, seýilgähleriň açylyşlarynda, “Türkmen owazy”, “Ýaşlyk”, “Altyn asyr” teleýaýlymlarynda üstünlikli çykyş edip gelýär. Toparyň düzümine gatnaşan okuwçylaryň aglaba bölegi zehinli çagalar bolup, ýurdumyzyň we
daşary ýurtlaryň medeniýet we saz ugrundaky ýokary we orta okuw jaýlarynda bilim almagyny dowam edýärler. Bu topara ençeme ýyldan bäri mekdebiň zehinli mugallymlarynyň biri Şamsiýewa Dilarom Babamuradowna sazandarlyk edip gelýär.
Toparyň ilkinji ýerine ýetiren sazy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymy, kompozitor Meret Ataýewiç Annamyradowyň fortepiano we skripkaçylar ansambly üçin döreden “Gülle Watan” atly eseridir. Soňra bolsa rus kompozitory Modest Petrowiç Musorgskiniň “Soroçin ýarmarkasy” atly operasyndan “Gopak” sazy ýaňlandy. Ýene-de şol ýerine ýetirilişde ýaňlanan,
kompozitor Ýewgeniý Dmitriýewiç Doganyň “Мой ласковый и нежный зверь” kinofilmine döreden walsy diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. Beýik Watançylyk urşynyň pajygaly wakalaryna we watançy gahrymanlaryň ýadygärligine bagyşlanan “Tegeran 43” kinofilminden “Baky söýgi” atly aýdymy ýerine ýetirildi. Tegeranda bolup geçen taryhy wakalara bu mekdebiň halypa mugallymy Jeren Pirkuliýewanyň kakasy Pirkuly Pirkulyýew gatnaşypdyr. Şonuň üçin bu eseri ýerine ýetirijiler Beýik Watançylyk urşyna gatnaşyp, bize parahat, asuda asmanyň astynda ýaşaýyşy peşgeş bermek üçin, öz janyny pida eden
gahrymanlarymyzyň ýadygärligine bagyşladylar. Aýdymy ýekelikde “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi, kompozitor Jemal Reýimowa we Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň talyby Intizar Gylyjow ýerine ýetirdiler. Soňra bolsa kompozitor Alan Mankeniň “Alladin” multfilmine döreden ajaýyp sazlaryndan iki temasy ýaňlandy. Toparyň ýerine ýetirýän sazlary köpdürliligi bilen tapawutlanyp, olaryň birnäçesi dutar we skripkaçylar topary üçin niýetlelendir. Bu
sazlaşygyň üýtgeşikligine we özboluşlylygyna şaýatlyk edip, kompozitor Meret Annamyradowyň dutar we skripkaçylar ansambly üçin täzeden işlän “Bu jennetdir” atly türkmen halk sazyny ýerine ýetirildi. Dutarda mekdebiň “Milli saz gurallar” bölüminiň mugallymy Leýla Joraýewanyň taýýarlan 5-nji synp okuwçysy Guwanjow Mukam çaldy. Kompozitor Karl Bomyň “Dynuwsyz hereket” atly eseri özüniň adyna mahsus
bolan tiz depginli passažlary, çylşyrymly öwrümleri bilen diýseň jadylaýjy ýaňlandy.
Konsertiň soňunda bolsa milli sazynyň waspçysy bolan, häzirkizaman türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň görnükli wekilleriniň biri, ençeme ýaş zehinli kompozitorlaryň halypasy Meret Annamyradowyň “Türkmen tansy” atly eserini ýaş zehinler juda ezberlik bilen ýerine ýetirdiler. Sungatyň aşygy bolan zehinli çagalardan düzülen “Bagtyýarlyk” skripkaçylar ansamblynyň taýýarlan hasabat konserti dowamly el çarpyşmalar we mekdebiň direktory Ýazmyradow Batyr Annamyradowiçiň konserte
gatnaşyjylara, irginsiz zähmet çekip, okuwçylary taýýarlan mugallymlara we olaryň ene-atalaryna gyzgyn minnetdarlyk sözleri bilen tamamlandy.
Jahangül BEKJANOWA,
Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň II derejeli mugallymy.