BIZE YAZYARLAR

Bagtyýarlyk saglykdan başlaýar

Taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen girýän şowly ýyllary toýdur baýrama beslenýän Berkarar döwletimizde ajaýyp günler kerwen gurap geçýär. Şol günleri saglyga beslemek bolsa uly bagtlylykdan nyşan. Çünki ähli gowulyklaryň, üstünlikleriň, ösüşleriň we özgerişlikleriň başynda saglyk durandyr.
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy kabul edilip, maksatnama tapgyrma-tapgyr üstünlikli durmuşa geçirildi. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ilatymyzyň saglyk ýagdaýy gowulanyp, ömrüniň ortaça dowamlygy artdy. Maksatnamanyň çäklerinde birnäçe toplumlaýyn işler
amala aşyrylyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde ösdürildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem kabul edilenine tegelek 30 ýyl dolýar. Bu 30 ýylyň içinde bolsa welaýat saglygy goraýyş ulgamy hem uly ösüşleriň jümmüşinde. Hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýşyny, saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak ugrunda bimöçber tagallalar edilýär. Nesip bolsa 30 ýyllyk toýa hem welaýatyň saglygy goraýyş ulgamy ynsan saglygyny goramak ýaly mukaddes kärde özleriniň mynasyp goşantlary bilen garşylarlar.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işlerde gazanylan uly üstünlikleriň biri-de welaýat merkezlerinde dünýä derejesinde kämil lukmançylyk edaralarynyň gurulmagydyr. Etrapdyr obalarda ynsan saglygyny berkitmäge niýetlenen saglyk merkezleriniň, saglyk öýleriniň sanynyň artmagy, olaryň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy ildeşlerimize döwrebap hyzmat etmäge mümkinçilik döredýär. Häzirki wagtda welaýatyň hatda iň çetki obalaryndaky döwrebap saglyk öýleri hem ildeşlerimize ýokary lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýär.

Ulybii SOLTANOWA,
Darganata etrap hassahanasynyň aýallar otagynyň lukmany.