BIZE YAZYARLAR

Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar

Adam we onuň ömri, saglygy döwletimiziň baş baýlygy hasaplanyp, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň jan saglygy baradaky alada durmuş syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridir. Kabul edilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bolsa ilatyň jan saglygy baradaky aladany döwlet syýasaty derejesine göterdi. «Saglyk» döwlet maksatnamasyna laýyklykda saglygy goraýyş ulgamynda geçirilen özgertmeler, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bejeriş-sagaldyş, bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýyl-ýyldan pugtalandyrylýandygy hem şaýatlyk edýär. «Saglyk» döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, ony düýpli özgertmek ýolunda biziň şu günki we ertirki maksatlarymyzy kesgitleýär. Adam we onuň saglygy, abadançylygy ugrundaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde ösdürildi, ilatymyzyň saglyk ýagdaýy has-da gowulandy. Adam ömrüniň ähli döwürlerinde hereketde bolmagyň saglyga oňaýly täsir edýändigini nazarda tutup açylan «Saglyk» ýollarynyň saglygy
berkitmekde bimöçber gadyr-gymmatynyň bardygyna halkymyz aýdyň göz ýetirdi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde saglygy goraýşy dolandyrmagyň ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we bejeriş-öňüni alyş gullugyny gurmagyň hem-de ýerleşdirmegiň ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen uly gurluş-guramaçylyk üýtgemeleri amala aşyryldy. Maksatnamanyň çäklerinde birnäçe ýokanç kesellere garşy iri çäreler görüldi.
Islendik jemgyýetiň kämilligi beden we ruhy sagdynlykdan başlanýar. Adam üçin başyň täjine deňelýän saglyk hemme zatdan, ähli aladalardan ýokarda durmak bilen, islendik wagt döwrüň we jemgyýetiň derwaýys meselesi bolup durýar. Şeýlelikde, adamzat ähli zadyň sakasynda saglygy goýýar. Iň esasy mesele bolsa, döwletiň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy, onuň nesilleriniň
geljegi hakyndaky, halkymyzyň hemişe ruhubelent ýaşamagy hakdaky aladalarydyr. Durmuşa geçirilýän işler kadaly iýmitlenmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada gezelenç etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly kämil ýörelgeleri ösdürmek bilen, ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň artmagyna ýardam berýär.
Häzirki döwürde ýiti ýokanç keselleriň öňüni almagyň esasy usullarynyň biri immunizasiýa çäreleri, ýagny ilat arasynda sanjymlama işleriniň geçirilmegidir. Ýokanç kesellere garşy gorag immunitetini gazanmak üçin her bir çaganyň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda almagy wajypdyr. Bu ugurdaky işler degişli tertip boýunça geçirilýär. Öňüni alyş sanjymlary epidemiologik abadançylygy saklamagyň esasy şerti bolup durýar. Bu abadançylyk birnäçe ýyllaryň dowamynda çagalara we uly ýaşlylara sanjymlama işleriniň 95 — 99 göterim derejede geçirilendigi bilen baglydyr. Öňüni alyş çäresiniň durnukly ýokary derejede saklanmagy keselleriň düýbünden ýitip gitmegine getirýär.Bu bolsa döwletimizde adam hakdaky aladanyň hemişe baş maksat hökmünde ileri tutulýandygyna şaýatlyk edýär. Şonuň üçin hem halk arasynda «Giň bolsaň kem bolmaz, saglykdan özge dem bolmaz», «Abraý isleseň, köp diýme, saglyk isleseň, köp iýme»,
«Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok», «Bar zadyň sakasy — saglyk», «Baýlygyň
sakasy — saglyk», «Jan saglygyň bolmasa, dünýäniň giňliginden ne peýda ýaly ajaýyp dürdäne setirler ýöne ýere döremändir. Hatda islendik zadyň başyna baraňda «Jan saglygyň bolsun, başga zadyň bir alajy bolar» diýen ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy siňen dürdäne atalar sözüne eýerip, Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary netijesinde, ynsanyýetiň iň gymmatly baýlygy, ähli zadyň sakasy bolan saglyk barada bu gün döwlet derejesinde uly aladalar edilýär.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösmegi, kämilleşmegi, dünýä derejesine çykmagy üçin ägirt uly işler alnyp barylýar. Iş bejerijileriň, ilkinji nobatda, adam saglygy babatda işgärlere dynç almak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikleri döretmegi kepillendirýär.

Artur BABAKULYÝEW,
Darganata etrap hassahanasynyň ýokanç keseller bölüminiň bölüm müdiri.