JEMGYÝET

«Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde medeni-köpçülik işi geçirildi

Türkmenabat şäherindäki «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Çaga — öýümiziň güneşi» diýen at bilen medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri geçirildi, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Onda dürli ugurlar boýunça bäsleşiklere, görkezme çykyşlaryna giň orun berildi.Çagalar öz aralarynda toparlara bölünip, surat çekmek, tapmaçalary çözmek boýunça bäsleşdiler. Merkeziň salkyn saýaly bagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça guralan ýaryşlar hem çagalar üçin dynç alyş günleriniň hezilligini artdyrdy. Çärelere işjeň gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: